Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň abadançylygyny tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassalygyny goramaga gönükdirilendir. Her ýyl ýurdumyzda millionlarça nahalyň ekilmegi-de, bütin dünýäde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gatnaşmak arkaly adamzadyň durnukly ösüşini gazanmaga niýetlenendir.
Güneşe baý ýurdumyzyň gözel tebigatyny goramakda, onuň baýlyklaryndan aýawly we netijeli peýdalanmakda, ösüp gelýän ýaş nesillerde ajaýyp tebigatymyza söýgi döretmekde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe guwandyryjy işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oýlanyşykly durmuşa geçirýän ekologiýa syýasatynyň netijesinde ýurdumyz bagy-bossanlyga bürenip, obalardyr şäherçelerimiz, şäherlerimiz gözel keşbe eýe bolýar. «Garaşsyz Watanymyzda halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler gözel tebigatymyzy gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýär» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, durnukly ösüş boýunça ýokary derejedäki maslahatlarda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlar bilen çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäherinde geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitinde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda «ýaşyl» ösüş ýörelgelerini ilerletmegiň uly ähmiýete eýedigini, ekologik taýdan durnukly ösüş we döwrebap ekologik standartlary ornaşdyrmak meselelerinde sebit we dünýä derejesinde dialogy işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtady. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda energetika we ekologiýa howpsuzlygy, ulag arabaglanyşygy, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň bähbitlerini goramak ýaly wajyp ugurlar boýunça kabul edilen Kararnamalara esaslanyp, Türkmenistan köptaraplaýyn tagallalary birleşdirmäge goldaw bermegini dowam edýär.
Ýurdumyzda ilatly ýerleriň ekologik abadançylygyny üpjün etmek, her bir adamyň jany we saglygy üçin amatly daşky gurşawa hukugyny goramak ugrunda alnyp barylýan işler dünýäde ykrar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasaty köpmaksatlaýyn häsiýete eýedir we ol Durnukly ösüş maksatlaryna laýyk gelýär. Durnukly ösüş maksatlarynda howanyň üýtgemegi we onuň netijeleri bilen göreşmek boýunça gyssagly çäreleri görmek, durnukly ösüşiň hatyrasyna ummanlary, deňizleri hem-de deňiz serişdelerini saklap galmak we rejeli ulanmak, gury ýeriň ekologik ulgamyny goramak we dikeltmek hem-de olaryň rejeli peýdalanylmagyna ýardam bermek, tokaýlary rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek ýaly anyk wezipeler kesgitlenen.
Türkmenistan Howanyň Üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyna laýyklykda, parnik gazlarynyň zyýanly galyndylaryny azaltmak boýunça anyk we ylmy taýdan esaslandyrylan milli maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirýär. Milli Liderlerimiziň uly üns berýän ugry — ýaş nesliň ekologik aň-düşünjesini ýokarlandyrmakdyr. Ýurdumyzda Bilim hakynda kanuna laýyklykda, mekdeplerde we ýokary okuw mekdeplerinde ekologiki bilim berilýär. Bu bilim interaktiw sanly platformalar, wirtual synp otaglary we täze ylmy-barlag maglumatlaryny ulanmak arkaly baýlaşdyrylýar. Çagalaryň tebigata bolan söýgüsini we jogapkärçiligini artdyrmak üçin, Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinden ylham alnan sanly gollanmalar we multimedia materiallary döredilýär. Bu, ýaşlaryň ruhy we aň-düşünje taýdan ösmegine ägirt uly itergi berýär.
Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, geljekki nesiller üçin onuň gözelligini we baýlygyny gorap saklamak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň bähbidine uzak möhletleýin maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler halkymyzyň abadançylygyny, ýaşaýyş-durmuş derejesini we saglygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Her ýylyň 5-nji iýunynda ýurdumyzda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni giňden bellenilip geçilýär.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyz daşky gurşawyň abadançylygyny gazanmakda we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna, kabul eden konwensiýalaryna esaslanyp, halkara guramalar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda möhüm taslamalary, sebit ähmiýetli çäreleri amala aşyrýar. Şeýle hem Bütindünýä Ekologiýa gaznasy, Merkezi Aziýanyň Ekologiýa sebit merkezi bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Ynsanyň saglygyna peýdaly maddalary bölüp çykarýan we zyýanly tozanlary sorup alýan agaçlar, tokaýlar, bezeg beriji baglar ilatly ýerlerde ösdürilip ýetişdirilýär. Şäheriň köçeleriniň, şeýle hem uly ýollaryň ugurlarynda pürli we saýaly agaçlar oturdylýar. Döredilýän täze tehnologiýalar — «ýaşyl» tehnologiýalar howany kislorod bilen baýlaşdyrýar.
Soňky ýyllarda howanyň üýtgemegi sebäpli, onuň daşky gurşawa, ykdysadyýete we jemgyýete ýetirýän ýaramaz täsirlerini peseltmek has möhüm hem ählumumy meseleleriň biri bolup durýar. Howanyň üýtgemeginiň oňyn çözülmegine jogapkärçilikli çemeleşýän, ösýän ykdysadyýetli Türkmenistan zyňyndy gazlaryň ýaýramagynyň möçberini çäklendirmekde we howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde mümkinçiliklerini netijeli peýdalanýar. Halkara giňişliginde adam hukuklary, jemgyýet we tebigat gatnaşygynyň kanunalaýyklygy, ýaşaýyş üçin arassa howa gurşawy, durnukly ösüşiň we röwşen geljegiň ekologiýa howpsuzlygy, işi, medeniýeti, terbiýesi bilen gyzyklanýan ähli taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ygtybarlandyrylmagyna saldamly goşant goşýar.
Her ýyl ýurdumyzda ählihalk bag ekmek çäresiniň geçirilmegi bilen oturdylýan bag nahallarynyň sanynyň artdyrylmagy, ýaşyl zolaklaryň meýdanynyň giňeldilmegi howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirine sezewar bolan ekoulgamlaryň ýagdaýynyň gowulanmagyna, ylaýta-da, atmosfera howasynyň hapalanmagynyň we guraklaşmagynyň öňüniň alynmagyna ýardam edýär. Ylmy nukdaýnazardan, tebigy gurşawyň möhüm bölegi bolan atmosfera howasynyň himiki düzümi azotdan, kisloroddan, howa bugundan, argondan we neon, wodorod, geliý ýaly gaz garyndysynyň galyndylaryndan ybaratdyr. Tämiz tebigy howa Gün energiýasyny geçirmek, ýaşaýyş üçin zyýanly älem şöhlelerinden goranmak, önümçilik, ulag we aragatnaşyk wezipelerini ýerine ýetirýär.
Häzirki wagtda bilim-terbiýeçilik edaralarynda ekologiýa we daşky gurşawy goramak bilen bagly düşünjeleri ýaşlara giňden düşündirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Sapaklaryň dowamynda, terbiýeçilik çärelerinde, wagyz-nesihat duşuşyklarynda tebigaty goramagyň, arassaçylygy berjaý etmegiň, suw we ýer baýlyklaryny tygşytly peýdalanmagyň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edilýär. Şeýle işler ýaşlaryň özbaşdak pikirlenmeklerine, daşky gurşaw bilen bagly meselelerde jogapkärçilikli netije çykarmaklaryna ýardam berýär. Ekologiýa terbiýesi, aslynda, her bir adamyň öz ýaşaýan ýeriniň arassaçylygyna, daş-töwereginiň abat saklanylmagyna goşýan goşandyndan başlanýar.
Ajaýyp tebigatymyzy aýap saklamakda hem-de has-da gözelleşdirmekde taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri hemişe rowaç bolsun!
Gaýgysyz Öwezsähedow,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
Jemgyýetçilik ylymlary, tebigaty öwreniş we geografiýa usuly birleşmesiniň mugallymy.
