JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystanyň Prezidentini Gurultaý saýlawlarynyň geçirilmegi bilen gutlady

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilip geçilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň, şeýle hem iki halkyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge goşýan uly şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, möhüm syýasy waka- Gazagystan Respublikasynyň Gurultaýynyň ilkinji saýlawlarynyň geçirilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem hut öz adyndan gutlaglaryny beýan etdi.

– Bu saýlawlaryň netijelerine Gazagystanyň halkynyň paýhasly çözgüdi we erk-islegi, Siziň şahsy syýasy ýeňşiňiz hem-de ýolbaşçylygyňyzda döwletiň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik durmuşynda üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesi hökmünde garaýarys – diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew gutlaglar hem-de hoşniýetli sözler üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň goldawyna we Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystan üçin taryhy waka parlament saýlawlaryna şahsy ünsüne ýokary baha berýändigini belledi.

Şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň synçylarynyň Gurultaýyň saýlawlaryna taýýarlyk döwründe we saýlawlar geçirilende netijeli işländiklerini belledi.

Gazak Lideri iki ýurduň kanun çykaryjylyk edaralarynyň mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyk etjekdiklerine ynam bildirdi.

Related posts

Aral milli maksatnamasy işlenip taýýarlanylýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri daşary ýurtly işewürler bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri duşuşdy