Türkmenistanyň dzýudo boýunça milli ýygyndysy 28–30-njy awgust aralygynda Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde geçiriljek abraýly “Uly tuwulga” ýaryşyna gatnaşar. Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine on türgen — sekiz erkek we iki zenan türgen girdi.
57 kilograma çenli agram derejesinde Türkmenistanyň belli dzýudoçysy, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Maýsa Pardaýewa medallar ugrunda göreşer. Iýul aýynda türgen Ulan-Batorda geçirilen ýaryşda Günorta Koreýadan we Ysraýyldan bolan titully garşydaşlaryny ýeňip, bürünç medal gazandy.
Erkekler ýygyndysynda Ural Bahtiýarow we Ygtyýar Gurbanberdiýew (60 kg çenli), Serdar Rahimow (66 kg çenli), Meýlis Şamuradow we Allamyrat Annagurbanow (73 kg çenli), Agajan Aýhanow we Batyr Merdanow (81 kg çenli), şeýle hem Baýmyrat Majanow (100 kg çenli) çykyş ederler.
Zenanlar ýygyndysynda Maýsa Pardaýewa bilen birlikde 57 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän Medine Oraznyýazowa hem Türkmenistana wekilçilik eder. “Uly tuwulga” tapgyrynyň ýaryşyna gatnaşmak türkmen türgenleriniň möwsümiň esasy halkara ýaryşlaryna taýýarlygynda möhüm tapgyr bolar.
