JEMGYÝET

Gazak Lideri Türkmenistanyň Prezidentini Astanada geçiriljek emeli aň mowzukly mejlise çagyrdy

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Astanada geçiriljek «Emeli aň ulgamynda howpsuzlyk» mowzugy boýunça Akaba prosesiniň mejlisine çagyrdy. Bu barada Gazak Lideri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde belläp geçdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew  iki ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň arasyndaky özara saparlaryň ähmiýetini belläp, geçen ýylyň dekabrynda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli hlakara forumyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri bilen geçiren duşuşygynyň ähmiýetini belledi.

Gazagystanyň Prezidenti iki ýurduň Prezidentleriniň Türkmenistanda we Gazagystanda geçirilýän halkara forumlara yzygiderli gatnaşýandyklaryny belläp, Gazagystanyň Prezidenti şu ýylyň noýabr aýynyň başynda Astanada geçiriljek «Emeli aň ulgamynda howpsuzlyk» mowzugy boýunça Akaba prosesiniň mejlisine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagyna uly hormat bilen garaşýandygyny ýene-de bir gezek nygtady.

Related posts

Bakanlar Kurulu: EXPO 2020 Fuarı’na hazırlık

vepa

Azerbaýjan bilen Türkmenistan Işewürler geňeşini döretmegi meýilleşdirýär

BMG-de “Awaza syýasy jarnamasy” atly kararnama kabul edildi

Ata Watan Eserleri