BIZNES

Eýranda iri gaz ýatagy tapyldy

Eýranyň günortasyndaky Fars welaýatynda ýurda onlarça milliard dollar girdeji getirip biljek iri gaz ýatagy tapyldy. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Mohsen Paknejad mälim etdi.

«Fars welaýatynyň günortasyndaky Tahta ýatagynda tapylan gazyň düzüminde kükürt az bolup, bu ýagdaý ýatagy özleşdirmek we ulanmak üçin çykdajylary azaldýar» diýip, ol nygtady.

Deslapky hasaplamalara görä, ýatakda 212 milliard kub metr gaz bar, onuň 161 milliard kub metrini çykarmak mümkin bolar. Paknejadyň bellemegine görä, bu möçber Günorta Pars gaz ýatagynyň bir fazasynda takmynan 15 ýylyň dowamynda öndürilýän gazyň möçberine deňdir.

Mundan başga-da, ministr ýatakda gaz kondensatynyň hem uly gorlarynyň bardygyny aýtdy:

«Bu ýatakda gazdan başga-da, bahasy onlarça milliard dollara barabar bolan ägirt uly möçberde gaz kondensaty tapyldy».

Related posts

Lebap welaýatynda täze suw desgalary ulanmaga berildi

Aşgabatda IFT 2026 atly halkara forum geçirilýär

Türkmenistanda täze maliýe we ykdysadyýet ministri wezipä bellendi