Türkmenistanda her täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işini tamamlady. Sergi çagalar we ýetginjekler üçin harytlary öndürýän, bilim-terbiýeçilik ulgamynda hyzmatlary hödürleýän ýurdumyzyň we dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryny bir ýere jemleýän meýdança bolup hyzmat edýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň durmuşa geçirýän ynsanperwer işlerine hem-de «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň öndürýän saglygy goraýyş maksatly önümlerine bagyşlanan sergi diwarlyklary uly gyzyklanma döretdi.
Mälim bolşy ýaly, geçen gysga döwrüň içinde haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmäge, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän ýaşajyk ildeşlerimiziň bejergileri, lukmançylyk maksatly serişdeleriniň satyn alynmagy üçin pul serişdeleriniň bölünip berilmegi yzygiderli häsiýete eýe boldy.
Halkara sergi-ýarmarka ata-eneler, bilim-terbiýeçilik işine gatnaşýan hünärmenler üçin-de peýdaly çärelere baýdyr. Çagany geljekki hünärlere ugrukdyrmak, ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň peýdasy barada maslahat beriş geňeşmeleri gyzyklylygy bilen tapawutlandy.
