Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bir hepdäniň ýa-da 10 günüň dowamynda ýurduň wise-prezidentiniň adyny yglan etjekdigini aýtdy. Tokaýew bu barada Astanadaky Garaşsyzlyk köşgünde ýerleşýän saýlaw uçastogynda parlament saýlawlarynda ses bereninden soň žurnalistlere aýtdy.
«Wise-prezident wezipesini kimiň eýelejekdigi bir hepdäniň ýa-da 10 günüň dowamynda belli bolar. Häzir onuň adyny aýtmak entek ir. Meniň pikirimçe, ol siziň hemmäňiziň gowy tanaýan belli adamyňyz bolar» diýip, Tokaýew aýtdy.
Onuň aýtmagyna görä, wise-prezident wezipesi Gazagystana, aýratyn-da «häzirki çylşyrymly döwürde» örän zerur. Tokaýew bu wezipäniň döredilmeginiň ýurduň täze Konstitusiýasynda berkidilen möhüm üýtgeşmeleriň biridigini belledi.
«Bu wezipe örän zerur diýsem, ýalňyşmaryn. Häzirki çylşyrymly döwürde şeýle wezipe ýurdumyza aýratyn zerur» diýip, Prezident nygtady.
Tokaýew täze bir palataly parlament — Gurultaý üçin geçirilen saýlawlary hem taryhy waka we giň gerimli işleriň başlangyjy diýip atlandyrdy.
«Şu günki saýlawlar bu uly işiň diňe başlangyjydyr» diýip, ol aýtdy. Şeýle hem Tokaýew Gazagystanyň eýýäm möhüm netijeleri gazanandygyny, emma ýurduň öňde goýlan maksatlary durmuşa geçirmegi dowam etdirmelidigini belledi.
Prezidentiň bellemegine görä, wise-prezident döwlet Baştutany tarapyndan wezipä belleniler, onuň dalaşgärligi bolsa Gurultaýyň deputatlary tarapyndan tassyklanylmalydyr.
