JEMGYÝET

Tatarystanda 6 müňden gowrak türkmen talyby bilim alýar

Aşgabada iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary boýunça pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Kazan şäherinde açylan Baş konsullygynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge täze itergi berendigi aýdyldy. Şeýle hem Tatarystanyň köp sanly kompaniýalarynyň Türkmenistanda iş alyp barýandygy bellenildi.

Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklara hem orun berildi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýaşlarynyň köp sanlysynyň Tatarystanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýandygy mälim edildi.

Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow öz ýurdunyň kompaniýalarynyň Türkmenistanda nebit öndürmek, nebiti gaýtadan işlemek, maşyngurluşyk we beýleki ugurlarda iş alyp barýandygyny belledi.

Şeýle hem Minnihanow Tatarystanyň uniwersitetlerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň sanynyň yzygiderli artýandygyny belläp, häzirki wagtda 6 müňden gowrak türkmen ýaşlarynyň bilim alýandygyny mälim etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 27-28-29-njy maýda Gurban baýramy bellener

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Premýer-ministrini kabul etdi

Aşgabatda 2027-2028-nji ýyllar üçin GDA-nyň ýaşlar paýtagty yglan edildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň GDA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 4 milliard dollardan geçdi

GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi Moskwada geçiriler

Aşgabatda GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi

Ata Watan Eserleri