BIZNES

Tatarystan Türkmenistana “Aurus” kysymly awtoulaglary teklip etmegi meýilleşdirýär

Tatarystanyň Senagat ministrligi Türkmenistan üçin “Aurus” kysymly awtoulaglaryň satyn alynmagy babatda teklip taýýarlamagy meýilleşdirýär. Bu barada Tatarystanyň wise-premýeriň orunbasary – senagat ministri Oleg Korobçenko tükrmen-rus işewürlik forumynyň çäklerinde žurnalistlere beren beýanatynda belläp geçdi.

Korobçenko Tatarystanda “Aurus” kysymly awtoulagyň “Komendant” görnüşiniň önümçiligine girişendigini belläp, 28-nji fewralda Tatarystanda bu ulagyň tanyşdyrylyş çäresini guramagy göz öňünde tutýandyklaryny belledi.

“Aurus” kysymly awtoulaglar Russiýa Federasiýasynyň Senagat we söwda ministrliginiň sargydy boýunça 2013-nji ýylda döredilen awtoulag görnüşidir. Ol ýokary hilligi we rahatlygy bilen tapawutlanýar. Bu awtomobil görnüşi hem döwlet işgärleriniň gulluk iş ulaglary hem-de täjirçilik maksatly görnüşleri bilen öndürilýär.

2021-nji ýylyň maýynda “Aurus” awtomobili Tatarystanda Elabug şäherindäki zawodda öndürilip başlandy. Bu önümçilik kärhanasynda “Aurus Senat” we “Komendant” görnüşleriniň önümçiligi ýola goýuldy.

Related posts

Birža täzelikleri: owgan işewürleri karbamid aldylar

Bäsleşik: Lebap welaýatynda döwrebap athana gurlar

Ata Watan Eserleri

Russiýa bilen Türkmenistan gara metallaryň önümçiliginiň üstünde işleýärler

Leave a Comment