JEMGYÝET

Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin Türkmenistana geldi

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin 2023-nji ýyldaky ilkinji saparyny Türkmenistana amala aşyrýar. Ol Aşgabat şäherine geldi.

TASS habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin türkmen-rus işewürler forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Mişustin iş saparyny A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebine baryp görmek bilen başlaýar.

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşar.

Şeýle hem ol günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän türkmen-rus işewürler forumyna gatnaşyp, şol ýerde çykyş eder.

Related posts

Putin ile Türkmen Lideri telefon görüşmesi yaptı

vepa

Wideokonferensiýa Görnüşinde Halkara Media-Forumy Geçirildi

Ata Watan Eserleri

5.Asya Oyunları rakamlarda

vepa

Leave a Comment