JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy sammitine gatnaşar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji noýabrda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçiriljek Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy sammitine gatnaşar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilip geçildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türki Döwletleriň Guramasynyň 3-nji noýabrda geçiriljek 10-njy sammitine gatnaşmak üçin Astana şäherine amala aşyrjak iş saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistan bu gurama synçy hökmünde goşulandygy bellenildi. Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň agzasy bolup durýar we bu guramanyň işine işjeň gatnaşýar.

Häzirki wagtda türkmen tarapynyň Türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň birleşigine girmek bilen bagly degişli işler geçirilýär.

Saparyň çäklerinde, şeýle hem Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy meýilleşdirilýär.

 

Ýene-de okaň

Derýageldi Orazow Şäherleriň Bütindünýä Forumy üçin Azerbaýjana bardy

Özbegistanda ýeňiji bolan türkmen atşynaslaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýada saparda bolýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Hökümet Baştutanlary bilen duşuşar

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Ýaponiýada Türkmenistan üçin talyp haklary mümkinçiliklerini giňeltmek maslahatlaşyldy