JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýtiň Mirasdüşer şazadasy bilen duşuşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow  Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer şazadasy Şeýh Sabah Al-Haled Al-Sabah bilen duşuşdy.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen duşuşykda hormatly myhman Türkmenistanyň Prezidentine Kuweýt Döwletiniň Emiriň mähirli salamyny ýetirdi.

Duşuşykda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyga Kuweýtiň daşary işler ministri Abdullah Ali Al-Ýahýa, Kuweýt Emiriniň Diwanynyň daşary işler boýunça orunbasary Mazen Isa Al-Isa we Kuweýtiň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Tarek Mohammad Al-Banaý hem gatnaşdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eswatininiň Patyşasy Mswati III bilen duşuşdy.

Mälim bolşy ýaly, Eswatininiň Patyşasy Mswati III şu ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşypdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentine “Mert” atly garabag bedewi sowgat berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Fizuli şäherine baryp gördi

Türkmenistanyň Prezidenti azerbaýjan halkynyň mukaddesliklerini sarpalady

Aşgabat-Baku: ikitaraplaýyn ähtnamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Azerbaýjan Türkmenistana nebit tankerini sowgat berdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Bakuda resmi dabara bilen garşylandy

Ata Watan Eserleri