JEMGYÝET

Ýylana ertekiniň gahrymanynyň ady dakyldy

Hindistanyň jeňňelikleriniň birinde ýylanyň ozal mälim bolmadyk bir görnüşi ýüze çykaryldy. Oňa belli ýazyjy J.Kowlingiň «Garri Poter» tapgyrynyň gahrymanlarynyň biri bolan Salazar Slaýzeriň ady berildi.

Bu adyň berilmegi ýylanyň çykarýan sesi bilen baglydyr ― diýlip dünýä metbugatynda aýdylýar. Häzir ylymda ýylanyň bu täze görnüşiniň ylmy häsiýetleri we aýratynlyklary içgin öwrenilýär.

Alymlar ýurduň jeňňeliklerinde köpçülige mälim bolmadyk haýwan görnüşleriniň ýene-de bolup bilmek ähtimallygynyň güýçlüdigini aýdýarlar.

Related posts

Türkmenistanyň Hemişelik wekili BMG-niň Baş sekretaryna ynanç hatyny gowşurdy

27-nji iýuldaky howa maglumaty

Ata Watan Eserleri

Arnoldyň nägileligi

Ata Watan Eserleri