JEMGYÝET

Türkmenistan dünýä ýurtlaryna ynsanperwer kömegini bermegini dowam eder

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Adatdan daşary ýagdaýlara seslenmegiň Merkezi gaznasyna goýumlaryň yglan edilmegi boýunça ýokary derejeli çärede çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň we onuň Prezidentiniň tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolan dünýä ýurtlaryna ynsanperwer kömeginiň berilmegi boýunça berk ygrarlylygyny tassyklady.

Hususan-da, ynsanperwerlik gymmatlyklaryna we adamkärçiligiň ýokary ýörelgelerine eýermek bilen Türkmenistan goňşy ýurtlaryna, şeýle-de ynsanperwer häsiýetli kynçylyklara sezewar bolan dünýäniň beýleki döwletlerine ençeme gezek ynsanperlik kömegini berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça 2020-nji ýylda ýurt Adatdan daşary ýagdaýlara seslenmegiň Merkezi gaznasyna 100 000 ABŞ dollary möçberinde özüniň meýletin goýumyny girizdi.

Türkmenistan 2021-nji ýylda hem bu Gazna nobatdaky goýumyny berjekdigi barada mälim etdi.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady