SPORT

«Altyn Asyr» bäşinji gezek Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

Paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary möwsümiň dowamynda çempionatymyzdakydyr, Naýbaşy Kubogynda gazanan ýeňişleriniň üstüne Kubok bäsleşigindäki ýeňşi bilen goşant goşdy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň saýtynda bellenilip geçilýär.

Ýazguly Hojageldiýewiň tälim berýän topary şu gün “Aşgabat” stadionynda geçirilen aýgytlaýjy duşuşykda “Köpetdagy” ýeňlişe sezewar etmegi başardy.

Bu duşuşygyň esasydyr, goşmaça wagtlary 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy. Duşuşygyň 12-nji minutynda “Köpetdagyň” ýarym goragçysy Şiri Annaýew 11 metrlik urgusyndan hasaby açmagy başardy. “Altyn Asyra” deňlik getiren goly oýnuň 69-njy minutynda Zafar Babajanow öz adyna ýazdyrdy. Oýundan soňky bellenen 11 metrlik urgularda “Altyn Asyr” 3:0 hasabynda üstün çykdy.

Şeýlelikde, “Altyn Asyr” kubok ugrundaky bäsleşiklerdäki bäşinji ýeňşini gazanmagy başardy.

“Altyn Asyr” toparynyň mundan öň 2009-njy, 2015-nji, 2016-njy hem-de 2019-njy ýyllarda ýurdumyzyň Kubok bäsleşiginde ýeňşini baýram edendigini ýatladýarys.

Ýeňiji bolan topara baýraklary Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Baş sekretary Arslan Aýnazarow gowşurdy.

 

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

Messiniň taryhy rekordy

Eýranyň dünýä çempionatyndaky özboluşly rekordy

Germaniýa 12 ýyldan soňra pleý-off tapgyryna çykdy

Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky 1000-nji duşuşyk geçirildi

Türkmen dzyudoçysy Maýsa Pardaýewa Mongoliýada bürünç medal gazandy

Türkiýäniň milli ýygyndysy dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy