JEMGYÝET

Aşgabatda Türkiýäniň milli baýramy-Respublika güni bellendi

Şu gün Türkiýe Respublikasynyň milli baýramy – Respublika güni mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda baýramçylyk dabarasy geçirildi. Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň gurnamagynda geçirilen dabara “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň wekilleri hem çagyryldy.

Dabaraly çärä Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Aşgabatdaky bilelikdäki türkmen-türk mekdebiniň mugallymlary, türk işewürleri we köp sanly myhmanlar gatnaşdy.

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Şener Jebeji dabarada eden çykyşynda Türkiýe Respublikasynyň yglan edilmeginiň 103-nji ýyllygyny buýsanç bilen belleýändiklerini mälim etdi.

Türkiýe Respublikasynyň doganlyk Türkmenistandaky Ilçisi wezipesine girişeninden soňra Türkiýäniň milli baýramyny gurnamakdan hoşaldygyny belläp, 2026-njy ýylda Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda gurnalan ýokary derejeli saparlaryň şaýady bolandyklaryny aýtdy.

– Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar şu günki gün taryhy sepgide ýetýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň 13-nji sammitine gatnaşmak üçin Ankara şäherinde saparda bolýar.

 

Şeýle hem, şu ýylyň noýabr aýynda Antalýada Türkiýäniň başlyklyklyk etmeginde we kabul etmeginde geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça maslahatyna (COP31) Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmaga taýýarlyk görýändigi biziň üçin uly hormatdyr – diýip, bellän Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Şener Jebeji Türkiýäniň Türkmenistanyň esasy ykdysady hyzmatdaşlarynyň hatarynda bolmagynda galýandygyny, iki ýurduň Baştutanlarynyň söwda dolanyşygyny 5 milliard ABŞ dollaryna ýetirmek baradaky maksada ýetmäge ygrarly bolup durýandyklaryny belläp geçdi.

Ilçi şeýle hem öz çykyşynda iki ýurduň energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekip, şeýle diýdi:

– Energetika hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn gün tertibimizde aýratyn geljegi uly orun eýeleýär. Geçen ýyl biz energetika hyzmatdaşlygymyzda taryhy bir tapgyryň şaýady bolduk, 30 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän arzuwymyz ahyrsoňy Türkmenistandan Türkiýä tebigy gazyň iberilmeginiň başlanmagy bilen hakykata öwrüldi. Biz bu möhüm üstünligi has-da ösdürip, özara peýdaly energiýa söwdasyny täzeden başlatjakdygymyza ynanýarys.

Şeýle hem ilçi medeni-ynsanperwer ugurly gatnaşyklary hem degip geçip, Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkiýede resmi ýaşamak rugsatnamasyna eýe bolan iň uly daşary ýurtly jemgyýeti emele getirýändigini aýtdy.

Türkiýede 215 000-den gowrak Türkmenistanyň raýatynyň ýaşaýandygyny, şeýle hem 60 000-den gowrak türkmen talyby Türkiýäniň uniwersitetlerinde bilim alýandygyny belläp geçdi.

Dabarada Aşgabatdaky Bilelikdäki türk-türkmen mekdebiniň okuwçylarynyň çykyşlaryna tomaşa edildi we myhmanlara türk tagamlary hödür edildi.

Related posts

Türkmenistanyň adalat ministrine hormatly at dakyldy

Ata Watan Eserleri

Minnihanow Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy bilen duşuşdy

Azerbaýjan Türkmenistana nebit tankerini sowgat berdi

Ata Watan Eserleri