SPORT

Dünýä çempionatynyň finalyny rekord derejede 63 million adam tomaşa etdi

ABŞ-da futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygyny 62,8 million adam tomaşa etdi. Bu görkeziji ýurtda futbol duşuşyklary üçin täze rekord boldy. Bu barada “Axios” portaly habar berdi.

Final oýnunyň “Fox Sports” teleýaýlymyndaky göni ýaýlymyny 39 million adam tomaşa etdi. Bu 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň finaly bilen deňeşdirilende 132% köp. Şeýle hem ispan dilli “Telemundo” teleýaýlymy arkaly oýna takmynan 24 million adam tomaşa etdi. Bu bolsa Katarda geçirilen dünýä çempionatynyň finalyna garanyňda 1,5 esse köpdür.

Portal belleýşi ýaly, bu rekord görkezijiler ABŞ-da futbolyň barha meşhur bolýandygyny görkezýär we geljekdäki futbol ýaryşlarynyň ýaýlym hukuklarynyň bahasynyň ýokarlanmagyna getirip biler.

Mundan 20 ýyl ozal Germaniýada geçirilen Italiýa – Fransiýa arasyndaky dünýä çempionatynyň finalyna ABŞ-da 17 million adam tomaşa edipdi. Bu bolsa DÇ-2026-nyň finalyndan üç esse gowrak azdy.

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionaty 11-nji iýundan 19-njy iýula çenli ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirildi. Bu ýaryşa ilkinji gezek 48 milli ýygyndy gatnaşdy.

Çempionatyň ýeňijisi Ispaniýanyň milli ýygyndysy boldy.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionaty-2026: ýatda galan gyzykly maglumatlar

Türkmenistan Bakuwda geçiriljek ýaşlaryň dünýä çempionatyna gatnaşar

Salah “Beşiktaş” toparyna geçermi?

Russiýada hokkeý güni döredildi

Enso Fernandes dünýä çempionatynyň finalynda gyzyl kart alan 6-njy futbolçy boldy

Rodri dünýä çempion, Çempionlar ligasyny we “Altyn topy” gazanan 11-nji futbolçy boldy