DÜNÝÄ

Tramp Infantinony BMG-niň Baş sekretary wezipesinde görmek isleýär

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň FIFA-nyň prezidenti Janni Infantinony Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş sekretary wezipesinde görmek isleýändigi barada “New York Post” neşiri habar berýär.

Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) prezidenti 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň taýýarlygy we guralyşy döwründe Tramp bilen has ýakyn gatnaşyk gurdy. Ol geçen ýylyň dekabrynda Trampa FIFA-nyň Parahatçylyk baýragyny gowşurdy.

New York Post” neşiriniň bellemegine görä, Tramp Infantinonyň «dünýäde hemmeler tarapyndan hormatlanýandygyny» hasaplaýar we onuň «adamlary birleşdirmekde aýratyn ukybynyň bardygyny» belleýär.

BMG-niň täze Baş sekretary şu ýylyň dowamynda saýlanyp, ýylyň ahyrynda wezipesini tamamlaýan portugaliýaly Antoniu Guterrişiň ornuny eýelär. Bu wezipä saýlanmak üçin Infantino ilki bilen BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 15 agzasynyň goldawyny almaly. Olaryň bäşisi weto hukugyna eýedir. Ondan soň bolsa onuň dalaşgärligi BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan tassyklanmalydyr.

Related posts

«Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň duşuşygy geçirildi

Narendra Modi ýene-de parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ata Watan Eserleri

Özbegistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Koreýa Respublikasyna bardy