DÜNÝÄ

Tramp Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine üstünlik arzuw etdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Türki Döwletleriň Guramasynyň Ankara şäherinde geçiriljek 13-nji sammitine üstünlik arzuw etdi.
Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň diwanynyň resmi “X” hasabynda 29-njy oktýabrda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogana 29-njy oktýabr — Respublika baýramy mynasybetli döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen agşamlyk naharynyň dowamynda telefon arkaly jaň etdi.
Telefon söhbetdeşliginiň esasy mowzugy Türki Döwletleriň Guramasynyň 13-nji sammiti boldy.
Prezident Erdogan agşamlyk naharyna gatnaşýan döwlet Baştutanlarynyň salamyny ABŞ-nyň Prezidentine ýetirdi.
Erdogan Türki Döwletleriň Guramasynyň 13-nji sammitiniň Ankara şäherinde geçiriljekdigini belläp, umumy ilaty 200 milliondan geçýän guramanyň Merkezi Aziýada durnuklylygyň we howpsuzlygyň möhüm daýanjyna öwrülendigini nygtady.
Şeýle hem sammitde guramanyň mundan beýläk-de ösmegine gönükdirilen möhüm kararlaryň kabul ediljekdigini aýtdy.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bolsa Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
Çeşme: Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň diwanynyň resmi “X” hasaby (@tcbestepe).

Related posts

Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça teklipler

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň Mejlisi “Dostluk” ýatagy baradaky ähtnamany tassyklady

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň gymmat dollary