JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna sapary başlandy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň 13-nji sammitine gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäherine bardy. Türkmenistanyň Prezidentini Ankara şäheriniň howa menzilinde Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz we beýleki resmi adamlar garşylady. Bu barada türk metbugaty habar berýär.

Ertir Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Täýyp Ärdoganyň başlyklyk etmeginde Türki Döwletleriň Guramasynyň 13-nji sammiti geçiriler. Oňa gurama agza we synçy döwletleriň Baştutanlary gatnaşýar.

Bu sammite gatnaşmak üçin Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem-de Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Ankara şäherine bardylar.

Şeýle hem sammite , Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Ankarada geçiriljek sammit, Türki Döwletler Guramasynyň döwürleýin başlyklygynyň Azerbaýjandan Türkiýä geçjekdigi bilen hem möhüm ähmiýete eýedir.

Liderleriň duşuşygynyň netijesinde täze baş sekretaryň bellenmegine we guramanyň geljekki döwür üçin ýol kartasynyň kesgitlenmegine garaşylýar. Sammitiň Ankara Jarnamasynyň kabul edilmegi we agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen dürli kararlara gol çekilmegi bilen hem tamamlanmagyna garaşylýar.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa Türki dünýäsiniň nyşanynyň gowşurylmagy mynasybetli dabara geçiriler.

Sekretariaty Stambulda ýerleşýän Türki Döwletleriň Guramasynyň bäş agzasy (Türkiýe, Azerbaýjan, Gyrgyzystan, Gazagystan, Özbegistan) we dört synçysy (Wengriýa, Türkmenistan, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy) bar.

Related posts

“Türkmenistan — BMG” strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi

Türkmenistanyň we Eýranyň Prezidentleriniň telefon söhbetdeşligi

“Yandex” wideo jaň hyzmatyny hödürledi

Ata Watan Eserleri