MEDENIÝET

Aşgabadyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi

6 — 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda ýurdumyzyň teatrlarynda baky Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli «Hemişelik Bitaraplyk — parahatçylyk we dost-doganlyk joşguny» ady bilen dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçirilýär.

Halkara Bitaraplyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeliginiň çäklerinde teatr tomaşaçylaryna Wilýam Şekspiriň «Romeo we Julýetto», Şarl Perronyň «Ädikli pişik» hem-de «Zoluşka», Klod Manýeniň «Oskar», Fransis Weberiň «Täsin adamlar», Astrid Lindgreniň «Körpe we Karlson», Lope de Weganyň «Ugurtapyjy magşuk», Georg Hakeniň «Bir ispan gijesi», Ýukio Kinesirtiniň «Durna umydy» ýaly meşhur sahna eserleri bar.

Şeýle hem hepdeligiň dowamynda A.Puşkiniň «Balykçy we balyjak», A.Tolstoýyň «Buratinonyň başdan geçirenleri», A.Çehowyň «Aýy» we «Söz aýdyş», N.Ostrowskiniň «Balzaminowyň öýlenişi», A.Wampilowyň «Myhmanhanadaky başagaýlyk», S.Mihalkowyň «Üç jojuk we çal möjek», «Gopbam towşanjyk», A.Wasilýewiň «Uýalar», M.Sadowskiniň «Maşa we aýy», K.Meşkowyň «Bir towşanjyk bar eken», T.Şirýaýewanyň «Külçe», S.Belowyň «Bäş agşam», K.Çukowskiniň «Lukman Aýbolit», Z.Zaýnulliniň «Alty gelin», G.Hugaýewiň «Andro we Sandro», M.Kerimiň «Ak ýigit we Zümerret» ýaly ajaýyp sahna eserleri tomaşaçylara hödürlener.

Teatrlaryň döredijilik toparlary tarapyndan hödürlenýän «Ene toprak», «Ak gämi», «Elwan ýaglykly serwim», «Arşyn mal alan», «Körpe gelin», «Gelinler», «Gyzyl alma», «Demir aýal», «Giýewleriň bäsleşigi» ýaly sahna oýunlary tomaşaçylaryň dykgatyna ýetiriler.

Ýene-de okaň

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy