JEMGYÝET

Türkiýäniň Prezidentiniň orunbasarynyň Türkmenistana sapary

Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň orunbasary Fuat Oktaýyň Türkmenistanda saparda bolmagyna garaşylýar.

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda söwda we ykdysady ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türk tarapyndan ýolbaşçysy bolup durýan Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň orunbasary Fuat Oktaýyň 30-njy iýun-3-nji iýul aralygynda Türkmenistanda saparda boljakdygy bellenilýär.

Bu saparyň çäklerinde 1-nji iýulda Türkmenistan-Türkiýe işewürler forumynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Şonuň üçin Türkiýe Respublikasynyň Daşary yksady aragatnaşyklar geňeşi (DEIK) işewürler forumyna gatnaşmak isleýän türk işewürlerini ýüz tutmaga çagyrypdyr.

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk gözbaşyny Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryna çenli alyp gidýär. Häzir Türkmenistanda Türkiýäniň iri kompaniýalarynyň onlarçasy işleýär. Iki döwletiň arasynda eksportyň mukdary hem artýar. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-türk topary duşuşyklaryň, maslahatlaryň netijesinde bu işleriň gerimini geljekde hem giňeltmegi meýilleşdirýän topardyr.

 

Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň sammiti Aşgabatda geçiriler

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antoniu Guterriş bilen duşuşygy

Antoniu Guterriş: BMG-niň Awaza forumy uly ähmiýete eýedir

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistana geler

Ata Watan Eserleri

“Atawatan Media” topary BMG-niň Awaza forumyna gatnaşýar

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Awaza geldi

Eswatininiň Patyşasy Mswati III Türkmenbaşa geldi

Ata Watan Eserleri