IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Bäsleşik: myhmanhananyň binasyny düýpli abatlamak

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmagynda şäheriň Arçabil şaýolunyň 39-njy salgysynda ýerleşýän «Köpetdag» myhmanhanasynyň binasyny düýpli abatlamak işleri üçin bäsleşik yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalarydyr teklipleri Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýynda ýerleşýän Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2022-nji ýylyň 3-nji awgustyna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77.

 

Jemgyýetçilik kabul edişligi

 

Related posts

Aş­ga­bat şä­her hä­kim­li­gi bäsleşik yglan etdi

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheriniň häkimligi bilelikde, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry

Bäsleşik:«Eni Türkmenistan Limited» kompaniýasy Gorag hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça deslapky islegi öwrenmek üçin