«Türkmenhimiýa» döwlet konserni bäsleşik toparynyň adyndan Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygy üçin potratçyny seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär.
Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:
— gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, rekwizitlerini görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermek;
— goşulan baha üçin salgyt hasaba alnanda, ABŞ-nyň 1150 (bir müň bir ýüz elli) dollaryny ýa-da manada deň bolan mukdaryny töläp, bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almaly.
Bäsleşik tekliplerine hasaplaşyk hasaba pul serişdeleri geçirilenden soňra serediljekdir.
Teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 132-nji jaýy — «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň merkezi edarasy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +99312 39-01-73/59/64.
Faks belgisi: 39-01-65, elektron salgysy: th.gurlushyk@online.tm