Planetamyzyň dürli ýerlerinde şol ýeriň geografi ýagdaýyna görä, dürli jandarlar ýaşaýar, osümlikler bitýär. Bu jandarlar we ösümlikler şol tebigy şertlerde ýaşamaga ukyply bolup, olaryň özüne mahsus aýratynlyklary bolýar. Şeýle jandarlaryň biri Günorta-Günbatar Afrikanyň çöllük we ýarym çöllük ýerlerinde ýaşaýan latynça ady “Namaqua sandroguse” bolan guşdur. Bagyrtlagyň bir görnüşi bolan bu guşuň özboluşly aýratynlygy bar. Olar jüýjelerine 30-40 kilometr uzaklykdan suw getirýärler. Ýöne nädip?! Olaryň gotanyňky ýaly alkymynda holtumy ýok. Guşlaryň käbir görnüşi jüýjelerine iýmiti petekesinde äkidýär. Emma bu guşlar kiçi bolansoň, yssy howada özleri hem suwsaýar. Günorta Afrika bagyrtlaklary suwdan uzagrakda özlerine höwürtge ýasanýarlar.
Jüýjeleri ýumurtgadan çykan badyna iýmit toplap bilýärler. Emma suwy maşgalanyň horazy getirmeli bolýar. Bu täsin guşuň ýelekleriniň astynda ýumşak perleri bolýar. Bagyrtlaklar köle girip, ganatlaryny galdyryp, perlerini suwa batyrýarlar.
Soňra uçup höwürtgesine gelýärler. Azda-kände bugarýan hem bolsa, ýörite gatlak onuň bedenindäki suwuň uly bölegini saklamaga ýardam edýär. Höwürtgesine gelen horaz jüýjelerini daşyna üýşürip ganatlaryny aldyrýar. Jüýjeleri hem onuň perleriniň arasyndaky suwy içýärler. Bu ýagdaý jüýjeleriň birinji tüýüni täzeleýän wagtyna çenli iki aýlap, her gün dowam edýär. Ululygy 28 santimetre barabar bolan guşlaryň agramy 175-200 gram aralygynda bolýar.
Bu guşlar örän az iýmit bilen oňňut edip, adatça ösümlikleriň tohumlary bilen iýmitlenýär. Guşlaryň ýelekleri Afrikanyň yssy howasyndan goranmaga ýardam edýär.
Aÿgul Çaryýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.