DÜNÝÄ

BMG-niň Baş Assambleýasynyň täze başlygy saýlandy

Bangladeşiň daşary işler ministri Halilur Rahman BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň başlygy wezipesine saýlandy.

Metbugat neşirleriniň habar bermegine görä, onuň dalaşgärligini Baş Assambleýanyň 190 agzasynyň 99-sy goldady.

Onuň esasy bäsdeşi Kipriň daşary işler ministriniň ýörite wekili Andreas Kakuris bolup, ol 91 ses aldy.

Rahman öz wezipesine sentýabryň başynda, 81-nji sessiýanyň resmi açylyş dabarasynyň çäklerinde girişer.

Related posts

Owganystan Yslam Emirligi Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny ösdürer

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Ata Watan Eserleri

Iň beýik howuz Dubaýda açyldy

Ata Watan Eserleri