DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Russiýa hünärmenleri taýýarlamakda hyzmatdaşlyk eder

“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Bu barada agentligiň resmi saýtynda habar berilýär.

Duşuşykda Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamakda hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynyň direktory çykyş edip, institutyň alyp barýan işi, okadylýan ugurlar, ýaş deňizçileri taýýarlamak boýunça jemgyýetçilik çäreleri barada prezentasiýa arkaly gürrüň berdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ygrarlydyklaryny, hem-de bu ugurda degişli işleri geçirmekligi dowam etmekligiň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler.

Related posts

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Ata Watan Eserleri

Tramp Beýik Britaniýada: 42 milliard tehnologiýa hyzmatdaşlyk şertnamalar baglaşyldy

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy