DÜNÝÄ

Nýu-Ýorkda Türkmenistanyň migrasiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy

2026-njy ýylyň 5-8-nji maýy aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň howandarlygynda Migrasiýa meselelerine syn bermek boýunça ikinji halkara Forumy geçirilýär.

Forum, howpsuz, düzgünleşdirilýän we kanuny migrasiýa hakynda Ählumumy ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça tagallalary ara alyp maslahatlaşmak, öňdebaryjy halkara tejribesini öwrenmek hem-de migrasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy kämilleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlaryny işläp taýýarlamak boýunça taraplara amatly şertleri döretdi.

Forumyň işine BMG-ä agza döwletleriň ýokary derejeli wekilleri, halkara guramalaryň, şol sanda Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň, BMG-niň ulgamynyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem raýat jemgyýetiniň we bilermenler toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Umumy mejlisiň we mowzuklaýyn «tegelek stollaryň» çäklerinde migrasiýany dolandyrmak babatynda halkara kadalary kanunçylyga ornaşdyrmagy, migrantlaryň hukuklaryny goramagy, sanly ulgamyň hyzmatlaryny ösdürmegi, halkara hyzmatdaşlygyny berkitmegi hem-de Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň meselelerine garaldy.

Halkara forumda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Amanmuhammet Sazakow ýolbaşçylyk edýär.

Forumyň umumy mejlisinde türkmen wekiliýeti çykyş edip, ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty esasynda, ýurdumyzyň köptaraplaýyn özara hereketleriň, halkara raýdaşlygyň we ynsanperwerlik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklady.

Türkmenistanyň halkara hukugyň kadalaryna, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, Migrasiýa baradaky Ählumumy ylalaşygyň maksatlaryny milli meýilnamalara, kanunçylyga we durnukly ösüş maksatnamalaryna ornaşdyrmak arkaly, onuň düzgünlerini yzygiderli durmuşa geçirýändigi aýratyn bellenildi. Bu işler pudagara özara hyzmatdaşlygyň esasynda, Milli utgaşdyryjy mehanizm arkaly amala aşyrylýar.

Şeýle hem Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019-2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň üstünlikli amala aşyrylandygy bellenildi.

Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda şahsyýeti tassyklaýan resminamalar ulgamyny kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler aýratyn bellenildi. Hususan-da, Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (ICAO) halkara standartlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan köp derejeli gorag ulgamy bilen üpjün edilen biometrik maglumatly häzirki zaman resminamalary şeýle hem ýaşamak üçin ygtyýarnamalar berilýär.

Çykyşyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynda öňe süren Sanly integrasiýa boýunça bütindünýä platformasyny döretmek baradaky başlangyjynyň ähmiýeti hem aýratyn nygtaldy. Deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan bu taslama migrasiýa ulgamyna kämil maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga ýardam eder.

Türkmen tarapy migrasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge, özara hereketleriň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny giňeltmäge, sanly maglumat we tejribe alyşmagy ösdürmäge, şeýle hem durnukly ösüş we ynsanperwer hyzmatdaşlyk babatda halkara maksatnamalaryny hem-de başlangyçlaryny amala aşyrmaga gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady. Migrasiýany netijeli dolandyrmagyň diňe döwletleriň tagallalaryny utgaşdyrmagyň hem-de halkara dialogynyň esasynda mümkindigi nygtaldy.
Ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň bu halkara maslahata gatnaşmagy Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň migrasiýa bilen bagly meselelere jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň hem-de ynsanperwerlik syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ýene-de okaň

Türki siwilizasiýasynyň merkeziniň düýbi tutuldy

Buharestde konsullyk meseleleri boýunça türkmen-rumyn geňeşmeleri geçirildi

Özbegistan Gazagystanda metjit gurdy

Azerbaýjan Türkmenistanyň Mejlisiniň geçiren konstitusiýa boýunça onlaýn maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekilýetiniň Uganda Respublikasyna sapary barada

Türkmenistan ICESCO-da synçy derejesine eýe boldy