JEMGYÝET

Ilçi Gismat Gozalow Aşgabatda ýaşaýan Beýik Watançylyk urşa gatnaşan Tahira Aliýewany gutlady

Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalow Aşgabat şäherinde ýaşaýan, ýüz ýaşly, azerbaýjanly Tahira Aliýewa Hasan gyzynyň öýüne baryp, faşizma garşy gazanylan ýeňiş mynasybetli gutlap, oňa gül dessesi we sowgat gowşurdy.

Ilçi Gismat Gozalow Tahira Aliýewa onuň zähmetsöýer işlerini hem-de uruş ýyllarynda tylda galyp görkezen edermenliginiň uly hormat bilen ýatlanýandygyny belläp, oňa berk jan saglyk, uzak ömür arzuw etdi. Şeýle hem ilçi Gismat Gozalow Azerbaýjanda we Türkmenistanda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryna döwlet we halk tarapyndan ýokary baha berilýändigini nygtady.

Şol bir wagtyň Tahira Aliýewa goýulýan hormat üçin hoşallyk bildirip, ýurtlarymyza parahatçylyk we asudalyk arzuw etdi, uruş döwrüniň agyr, ýöne buýsançly ýatlamalaryny paýlaşdy.

Tahira Aliýewa Ikinji jahan urşy ýyllarynda tylda zähmet çekipdir. Uruş döwründe ol öň hataryň azyk bilen üpjün edilmegine uly goşant goşupdyr.

Ýene-de okaň

Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramy bellendi

Azerbaýjanyň sowgat beren “Dostluk” atly gämisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalary sergi gurar