JEMGYÝET

Turkmentextile Expo-2026: halkara moda görkezilişi geçiriler

4-6-njy iýunda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Turkmentextile Expo-2026” atly halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler. Bu halkara sergisini Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «TurkmenExpo» kompaniýasy guraýar.
“TurkmenTextile Expo 2026” halkara moda görkezilişiniň geçirilýän meýdançasyna öwrüler. Bu ýerde Marokko, Oman, Fransiýa, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistan döwletlerinden dizaýnerler öz kolleksiýalaryny hödürlärler.
Sergi üçin ýörite taýýarlanan eksklýuziw kolleksiýalar milli däpler bilen häzirki zaman dünýä tendensiýalarynyň sazlaşygyny görkezýär.
Moda görkezilişi diňe bir täsirli wizual çäre bolman, eýsem, dizaýnerleriň, brendleriň we halkara alyjylaryň özara hyzmatdaşlygy üçin möhüm işewürlik platformasyna öwrüler.
“TurkmenTextile Expo 2026”-nyň çäklerinde ýurduň zehinli türkmen dizaýnerleriniň kolleksiýalary hödürlener. Bu kolleksiýalar milli medeni mirasyň baýlygyny häzirki zaman moda ugurlary bilen sazlaşdyrýar.

Related posts

Türkmenistan, 5.Asya Oyunları’nı Japonya’da tanıttı

vepa

Ulaştırma sektörünün kalbi Aşkabat’ta atıyor

vepa

ABŞ-nyň daşary işler ministri geljek ýyl Merkezi Aziýada saparda bolar