DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Döwlet departamentinde Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Esen Aýdogdyýew bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Pol Kapuryň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn ösüş depgini kanagatlanma bilen bellenilip, yzygiderli dialogy dowam etdirmek we hyzmatdaşlygy möhüm ugurlar boýunça giňeltmegiň zerurlygy nygtaldy.

Gepleşikleriň dowamynda syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem-de sebitara baglanyşygyň giňeldilmegine aýratyn üns berildi. Taraplar konstruktiw hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşlerde gatnaşyklary ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Duşuşyk dostlukly ýagdaýda geçirilip, taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan özara gyzyklanmasyny nobatdaky gezek tassykladylar.

Related posts

Filistin Devlet Başkanı Abbas’ın, Türkmenistan ziyareti tamamlandı.

vepa

Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistana sapar bilen geler

Türkmenistanyň daşary işler ministri gyrgyz kärdeşi bilen duşuşdy