JEMGYÝET

Türkmenistan-BMGÖM: täze resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Bütindünýä welosiped gününi bellemegiň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we edaralary bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) arasynda resminalaryň birnäçesine gol çekmek dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň BMG we onuň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde uzakmöhletleýin we ulgamlaýyn esasda alnyp barylýar. Hyzmatdaşlygy mundak beýläk-de berkitmek we giňeltmek maksady bilen, özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen täze resminamalara gol çekildi.

Taraplar şu aşakdaky resminamalara gol çekdiler:

– Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasy «Bilelikde maliýeleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda Çarçuwaly Ylalaşyk»;

– Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasy
«Türkmenistanyň kazyýet ulgamynyň sanlaşdyrylmagyny goldamak» atly taslama resminamanyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasy;

– Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasy «Adam maýasynyň strategik meýilnamalaşdyrylyşynyň Milli ulgamy» atly Taslama resminamasynyň 2026-2027-nji ýyllar üçin iş meýilnamasy;

– Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasy «Türkmenistanyň inçekesele garşy göreşmek boýunça Milli maksatnamasynyň AIDS-e/ Inçekesele/Gyzzyrma garşy göreşmek boýunça Global gaznanyň goldawyndan çykmagy» atly Taslamanyň resminamasyna üýtgetmek.

Ýene-de okaň

Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Türkmenistana geldi

Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni giňden bellendi

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Turkmentextile Expo-2026: halkara moda görkezilişi geçiriler

Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Türkmenistana gelýär

Ata Watan Eserleri

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler gowşuryldy