SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiýede örtük dakynmak zerurlygy ýatyryldy

Türkiýäniň saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, koronawirus ylym geňeşiniň ýygnagyndan soň beren beýanatynda mundan beýläk açyk meýdanda agyz-burun örtügini dakynmagyň zerurlygynyň ýokdugyny mälim etdi. Şeýle hem ol HES kody resminamasynyň hem gerek däldigini belledi.

Türkiýänyň ministri Fahrettin Koja koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly girizilen käbir çäklendirmeleriň ýatyrylandygyny mälim etdi. Ol wirus alamatlary bolmadyk adamlardan lukmançylyk barlagynyň talap edilmeýändigini belledi. Şeýle hem mekdeplerde 2 waka çykan halatynda synpyň ýapylmajakdygyny, okuwçynyň lukmançylyk bejergisine tabyn ediljekdigini aýtdy.

Açyk meýdanda we howpsuz araçäk şertleri bolan ýerlerde örtük dakynmagyň zerurlygynyň ýokdugyny bellän saglygy goraýyş ministri jemgyýetçilik ulaglarynda, awtobuslarda, ýeňil awtoulaglarda, uçarda, kinoteatrlarda, teatrda, mekdepleriň ýapyk ýerlerinde, saglygy goraýyş merkezlerinde örtük ulanyljakdygyny belledi.

 

 

Saýlaw-2022:Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça öňünden ses bermek başlandy

Related posts

Fransiýa sanjyma başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkiýedäki türkmen raýatlary getiriler: Stambuldan ýörite uçar gatnawy

Ata Watan Eserleri

Stambul-Aşgabat-Stambul gatnawy amala aşyryldy

Ata Watan Eserleri