TEHNOLOGIÝA

Dünýäniň iň uly astronomiýa muzeýi açylýar

Hytaýyň Şanhaý şäherinde dünýädäki iň uly astronomiýa muzeýi açylar. Takmynan 58000 inedördül metr meýdanda gurlan Şanhaý astronomiýa muzeýi anna güni açylar.

Muzeýde eksponatlar, planetarium, obserwatoriýa we Gün teleskopy bar. Taslamanyň dizaýny ABŞ-nyň bir kompaniýasy tarapyndan 2014-nji ýylda amala aşyryldy.

Astronomiýa muzeýi hökmünde hem ulanyljak bu ýerde Aýdan we Marsdan getirilen meteoritler we Galileo Galileý ýaly astronomlaryň eserleri sergä çykarylar.

Ilki bilen bilim maksatlary üçin döredilen şeýle muzeýler wagtyň geçmegi bilen adamlary astronomiýa bilen tanyşdyrmak maksady bilen bütin dünýäde döredilip başlandy. Ilkinji gezek 1781-nji ýylda Niderlandlarda döredilen şeýle muzeýde Günüň, ýyldyzlaryň, planetalaryň we beýleki asman jisimleriniň şekillerini gümmez şekilli potolokda görkezmekden ybarat boldy.

 

Birža täzelikleri: Birleşen Arap Emirlikleriniň täjirleri nah ýüplük satyn aldylar

 

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi