Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň buýurmagynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň çäginde täze desgalar toplumynyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça yglan edilen BÄSLEŞIGIŇ möhletini 2021-nji ýylyň 12-nji maýyna çenli uzaldýar. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde degişli bildiriş çap edildi.
Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.
Haýyşnamalar şu bildirişiň gazetde çap edilen gününden başlap, 2021-nji ýylyň 12-nji maýyna çenli kabul edilýär.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-36, 44-46-64, 44-46-77.