JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Halk Maslahatynyň agzalaryny belledi

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň şu aşakdaky raýatlaryny Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzasy edip belledi:
* Babaýew Kasymguly
* Agaýew Guwançmyrat,
* Orazmammedow Batyr,
* Gulmanowa Dunýägözel,
* Taganow Merettagan,
* Gaýypow Serdar,
* Halnazarow Merdan,
* Babanyýazow Çarygeldi.

Ýurdumyzda şu ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Şonda Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna Aşgabat şäheri we welaýatlarymyzdan 48 agza saýlandy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň galan 8 agzasy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellendi.

Umuman, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty 56 agzadan durýar.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlandy

Related posts

Güýz seni ýada salýar

vepa

Türkmen Lideri’nden Yunanistan’a taziye

vepa

Jemgyýetçilik kabul edişligi