JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlandy

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyz Aşgabatda Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Şol binada hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň täze saýlanan agzalarynyň birinji mejlisi geçirildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde guramaçylyk meselelerine seredildi. Halk Maslahatynyň agzalarynyň gizlin ses bermegiň netijeleri boýunça hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlandy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary wezipesine Kasymguly Babaýew saýlandy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň düzüminde 5 komitet döredildi.

Ýagny:

  • Adam hukuklary we azatlyklaryny goramak baradaky komitet
  • Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitet
  • Ylym-bilim, sanly ulgam, sport we medeniýet baradaky komitet
  • Sebitleýin ösüş we daşky gurşawy goramak hem-de agrosenagat syýasaty baradaky komitet.
  • Halkara meseleler baradaky komitet.

Bu ýokarda agzalanan komitetlere hem ýolbaşçylar saýlandy.

  • Adam hukuklary we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiň başlyklygyna Merettagan Taganow saýlandy.
  • Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitetiň başlyklygyna Guwançmyrat Agaýew saýlandy.
  • Ylym-bilim, sanly ulgam, sport we medeniýet baradaky komitetiň başlyklygyna Bahar Seýidowa saýlandy.
  • Sebitleýin ösüş we daşky gurşawy goramak hem-de agrosenagat syýasaty baradaky komitetiň başlyklygyna Çarygeldi Babaniýazow saýlandy.

Halkara meseleler baradaky komitetiň başlyklygyna Mähri Bäşimowa saýlandy.

 “Google” we “Atavatan” saýty bäsleşýär: häzirlikçe “Google” öňde

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum ruhy Lider Aýatolla Hameneýi üçin guralýan çäre gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy Aşgabatda bellendi