JEMGYÝET

ABŞ türkmen tebigy gazynyň eksportynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny goldaýar

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Waşington şäherindäki Ak tamda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Marko Rubio duşuşyk geçirdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Amerikanyň Döwlet sekretary Marko Rubionyň Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Waşingtonda geçiren duşuşygynyň netijeleri boýunça beýanat berildi.

Şol beýanatda Rubio türkmen tarapyna “soňky söwda şertnamalaryndaky öňegidişlikler” üçin minnetdarlyk bildirdi. Taraplar energetika, howpsuzlyk we söwda ugurlarynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Beýanatda: “Döwlet sekretary ABŞ-nyň Türkmenistandan tebigy gaz eksportynyň Hazarüsti ugurlary arkaly diwersifikasiýalaşdyrylmagyny goldaýandygyny bildirdi”, — diýlip bellenilýär.

Related posts

Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy 29-njy iýunda geçiriler

Ata Watan Eserleri

Oğuzhan Nesli Toy Tuttu

vepa

Türkmen Türgenler 2 esse köp altyn medal gazandy

vepa