DÜNÝÄ

Türkmen zyýaratçylar Saud Arabystanyda gurbanlyk sadakasyny berdi

Şu mübärek günlerde Saud Arabystany Patyşalygynda yslam dünýäsiniň mukaddesliklerine zyýarat edip, haj parzyny berjaý edýän ildeşlerimiziň keramatly toprakda gurbanlyk sadakasyny bermekleri agzybirligiň, haýyr işleriň has-da rowaçlanmagynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamasyna laýyklykda, şu ýyl hem watandaşlarymyzyň uly topary musulman dünýäsinden zyýaratçylaryň millionlarçasy bilen bir hatarda, sahawatly günlerde mukaddes Käbä tagzym edip, beýleki däp-dessurlary berjaý etmek üçin Mekgede hem-de Medinede bolmaga mümkinçilik aldylar. Haj diňe bir mukaddes ýerlere zyýarat we uly sogap iş bolman, eýsem, yslamyň bäş parzynyň biridir hem-de mümkinçiligi bolan her bir musulman üçin hökmanydyr.

Mübärek günlerde Saud Arabystany Patyşalygynda haj parzyny berjaý edýän ildeşlerimiz şeýle asylly işleri ýokary derejede amal etmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyklaryny beýan edip, gurbanlyk sadakasyny berdiler. Bu ýerde hödürlenen tagamlardan dadan zyýaratçylar hajy Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegi, halkymyzyň bagtyýarlygy, ýurdumyzyň abadançylygy üçin dileg etdiler.

Related posts

Täze içeri işler ministri wezipä bellenildi

Ata Watan Eserleri

“Soyuz MS-16” kosmosa iberildi

Hormatly Prezidentimiz Kaka dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy