PEÝDALY MASLAHAT

Has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowylandyrylan ýaşaýyş jaýlar : Gerekli resminamalar

Has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowylandyrylan ýaşaýyş jaýlaryndaky öýlere bolan eýeçilik hukugyny döwlet belligine almak üçin gerekli resminamalaryň sanawy Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanynda Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugynyň web saýtynda berilýär.

1). Arza (eýesi ýa-da onuň wekili tarapyndan);

2). Pasport;

3). Hukuk belleýji resminama (karar, satyn almak- satmak şertnamasy);

4). Bar bolan halatynda Gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy baradaky şahadatnama;

5). Tehniki tükelleýiş edarasynyň resminamalary (Obýektiň tehniki pasporty);

6). Bellenen möçberlerde tölegleriň tölenendigi barada resminama;

 

BELLIKLER:

Zerur bolan halatynda ýeterlik bolmadyk maglumatlar döwlet bellige alyjylar tarapyndan kanuna laýyklykda özbaşdak soralýar.

Ähli resminamalar asyl we göçürme nusgalarda berilmelidir.

Obýektiň tehniki pasporty – Tehniki tükelleýiş edarasy tarapyndan taýýarlanylýar.

 

Ýer  böleginde gurlan ýaşaýyş jaýlar: Gerekli resminamalar

 

 

 

 “Google” we “Atavatan” saýty bäsleşýär: häzirlikçe “Google” öňde

 

 

Related posts

“Ene mähri” hormatly ada mynasyp bolan eneler üçin ýeňillikler

Ata Watan Eserleri

Miras şahadatnamasy : Gerekli Resminamalar

Gurluşygy tamamlanan binalary kabul etmek: Üýtgetmeler

Ata Watan Eserleri