DÜNÝÄ

Benzin we dizel ulaglaryna gadaganlyk giriziler

Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson pandemiýa sebäpli özüniň “Ýaşyl zolak” taslamasyny has ir döwürde durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär. Premýer-ministr Boris Jonson ” Financial Times” gazeti bilen bolan söhbetdeşliginde: “Bu taslama ýurduň has arassa, ýaşyl we owadan bolmagyna kömek etjekdigini bilýärin” –diýip belläp geçdi.

Beýik Britaniýa 2050-nji ýyla çenli arassa zyňyndylary 0% göterime ýetmek maksat edinen ilkinji “Uly ýediligiň” (G7) ýurdy hasaplanyldy we geçen ýyl bu kanuny kabul etdi. Jonson bu taslama üçin ýurduň gaznasyndan 16 milliard dollar we hususy pudaklardan takmynan 40 milliard dollar bölünip beriljekdigini we 2030-njy ýyla çenli 250 müň iş orunlarynyň dörediljekdigini nygtap geçdi.

Beýik Britaniýanyň deňizdäki ýel energiýasyny 2030-njy ýyla çenli takmynan 10 gigawatdan 40 gigawata çenli ýokarlandyrmagy wada beren Jonson, öýde ýyladyş we nahar bişirmek üçin sarp edilýän energiýany wodorod energiýasy bilen üpjün etmek maksady bilen 500 million ýewro maýa serişdesiniň gönükdiriljekdigini belledi.

Geçen ýylyň fewral aýynda Beýik Britaniýada benzin we dizel ulaglarynyň satylmagynyň gadagan edilmeginiň möhleti 2040-njy ýyldan 2035-nji ýyla getirilipdi. Indi bolsa, elektrik awtoulag bazarynyň gerimini has-da çaltlandyrmak üçin bu möhlet 2030-njy ýyla süýşürildi. Awtoulag öndürijileri we söwdagärler birleşiginiň habaryna görä, Beýik Britaniýada elektrik ulaglarynyň satuwy artdy, geçen aýda satyn alnan täze awtoulaglar 7% göterime barabar boldy.

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

 

Ýene-de okaň

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi

Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasynyň konwensiýalaryna goşular

Türkmenistan bilen Özbegistan migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkiýäniň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna Atatürk adyndaky halkara parahatçylyk baýragyny gowşurdy