DÜNÝÄ

Ahalteke atlarynyň Niderlandlardaky çempionatyna taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy

Gaagada Türkmenistanyň Niderlandlar Patyşalygyndaky ilçisi Sapar Pälwanow bilen Niderlandlaryň daşary işler ministriniň orunbasary, syýasy meseleler boýunça baş direktory Ýost Flamandyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň baş temasy 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda Limburg welaýatynyň «Peelbergen» atçylyk-sport toplumynda ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek atly sport bäsleşigine we gözellik boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek boldy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Garaşylýan ýaryş Türkmenistanyň daşynda ahalteke atalary üçin geçiriljek şeýle giň gerimli ilkinji halkara ýaryşy bolar.

Gepleşikleriň dowamynda diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini hem gözden geçirdiler. Taraplar söwda-ykdysady alşyklary işjeňleşdirmek üçin Gaagada türkmen-niderland işewürlik forumyny geçirmek mümkinçiligini maslahatlaşdylar, şeýle hem suw serişdelerini dolandyrmak we suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça pikir alyşdylar.

Mundan başga-da, ilçi guramaçylyk we tehniki meseleleri çözmek üçin Niderlandlaryň Daşary işler ministrliginiň Protokol departamentiniň ýokary derejeli çäreler bölüminiň ýolbaşçysy Bob Aal bilen aýratyn duşuşyk geçirdi. Niderland tarapy çempionata we wekiliýetleriň saparlaryna taýýarlyk görmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyňy tassyklady.

Related posts

Kubanyçbek Ömüraliýew: Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň işine ýakyndan goldaw berýär

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi

Afrika Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileriniň duşuşygyny guramak meýilleşdirilýär