SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Koronawirus sanjymy paýlanyp başlandy

Amerikanyň “Pfizer” farmasewtiki kompaniýasy we türk alymy professor, şeýle hem nemes “BioNTech” biotehnologiýa kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri bolan Ugur Şahin bilen bilelikde pandemiýa garşy sanjym döretdiler. Bu iki kompaniýa tarapyndan işlenip düzülen pandemiýa garşy sanjym, keseliň öňüni almakda 90% göterim täsir edýär we bu habar eýýäm halkara derejesinde uly täsir galdyrdy. Sanjym eýýäm ABŞ-nyň 4 sany ştatynda paýlanyp başladylar diýip, “New York Post” metbugaty habar berýär. Sanjymyň paýlanan ştatlary: Nýu-Meksiko, Rod-Aýlend, Tennessi we Tehas ştatlarydyr. Bu ştatlar göwrümine, ilatyň dürlüligine we immun gurluşyna baglylykda saýlanyp alyndy. Geljekde dürli şäher we oba ýerlerindäki adamlara hem paýlamak maksat edinilýär.

95 GÖTERIM TÄSIRLI SANJYM

Amerikanyň “Moderna” atly farmasewtiki kompaniýasy pandemiýa garşy hem sanjym döretdi. “Moderna Inc” kompaniýasy ABŞ-da sanjymynyň birnäçe million dozasynyň öndürilendigini barada kompaniýanyň baş ýolbaşçysy Stefan Bansel habar berdi. Bu sanjymyň täsiri bolsa 94,5% göterime barabar boldy. Geljek ýyl dünýäde 1 milliard dozasyny işe girizip, halkara derejesinde makullanmagy isleýär.

SANJYMA MALIÝE GOLDAWY

Ameirkaly aýdymçy Dolly Parton koronawirus sanjymynyň öndürilmegi üçin maliýe kömegini bermegi göz öňünde tutdy. Ol “Moderna” atly farmasewtiki kompaniýasyna 1 million dollar maliýe serişdesini haýyr-sahawat hökmünde berdi.

 

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

 

Ýene-de okaň

“Air Belgium” Aşgabat arkaly ýük awiagatnawlaryny ýola goýmaga taýýarlanýar

Aşgabatda ekologiýa we durnukly ösüşe bagyşlanan eko-festiwal geçiriler

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygy boýunça 5 ýyllyk maksatnama tassyklandy

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy