JEMGYÝET

ÝDÖB Türkmenistanda ýene bäş taslama ýardam bermäge taýýar

Özi hem şu ýylyň ahyryna çenli. Ýurdumyzda şu ýyl  maýa goýan Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş banky ýylyň ahyryna çenli bu sany sekize ýetirmäge taýýar. Şeýlelikde, diňe şu ýyldan goýlan 19,3 million dollarlyk maýa serişdeleriniň mukdary has köpelip biler.

«Trend» habarlar agentliginiň bankyň wekili Anton Usowyň aýdanlaryna salgylanyp berýän habaryna görä, ÝDÖB bu taslamalary COVID-19 bilen bagly ýagdaýlaryň durnuksyzdygyna garamazdan, durmuşa geçirmegiň tarapdary.

Umuman, ÝDÖB banky Türkmenistanda henize çenli 70 taslama üçin 272 million ýewro maýa goýdy. Bu serişdeler bilen 200-den gowrak ýerli kompaniýa ýardam berildi. Bank hususy pudagyň işini ösdürmek boýunça Türkmenistan bilen geljekki hyzmatdaşlyga hem taýýar.    

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

Ýene-de okaň

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Nikaragua Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna goşuldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistan tahýa taýýarlamagyň sungatyny ÝUNESKO hödürledi