JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşýar

Şu gün Astana iş sapary amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygyna gatnaşýar.

Mälim bolşy ýaly, birnäçe ýyl mundan ozal türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow iň ýokary derejede ulgamlaýyn syýasy dialogyň ähmiýetine ünsi çekip, sebitleýin hyzmatdaşlyga düýpgöter täzeçe çemeleşmek pikirini öňe sürdi. Häzirki zaman şertlerinde bu konsepsiýa aýratyn ähmiýete eýe bolýar we oňa uly isleg bildirilýär.

Merkezi Aziýa sebitiniň diňe bir yklym derejesinde däl, eýsem, ählumumy derejede alnyp barylýan işlerdäki barha artýan ornuny göz öňünde tutup, Türkmenistan döwletara hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak hem-de täze giň gerimli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça anyk başlangyçlary öňe sürýär.

Soňky ýyllarda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşyklary sebitleýin hyzmatdaşlygyň barşy we gönükdirilen ugry barada bitewi garaýşyň döremeginde, häzirki döwrüň şertlerini hem-de uzak möhletleýin mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň kesgitlenmeginde şu formatyň netijelidigini görkezdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri

Putin bilen Tramp telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanda birnäçe kodekslere we kanunlara üýtgetmeler giriziler

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “BMG-niň oýunlary-2026” badalga aldy

Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary