JEMGYÝET

Türkiýäniň Merkezi bankynyň ilkinji zenan ýolbaşçysy

Türkiýe Respublikasynyň Merkezi bankynyň başlygy wezipesine Dr. Hafize Gaýe Erkan bellendi. Şeýlelikde, Gaýe Erkan ýurduň Merkezi bankynyň ilkinji zenan ýolbaşçysy boldy.

1982-nji ýylda doglan Hafize Gaýe Erkan Türkiýäniň iň meşhur ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Bogaziçi uniwersitetiniň senagat inženerçiligi bölümini tamamlady. Soňra bilimini ABŞ-da dowam etdiren Gaýe Erkan Prinseton uniwersitetiniň taryhynda doktorlyk derejesini bir ýylda tamamlan ilkinji talyp boldy. ABŞ-nyň iň täsirli 40 ýaşlarynyň arasynda birinji orny eýelän Gaýe Erkan köp sanly maliýe guramalarda ýokary wezipelerde işledi.

Türkiýe Respublikasynyň Merkezi bankynyň ozalky başlygy Şahap Kawjyogly bolsa, Bank işi, düzgünleşdiriş we gözegçilik geňeşiniň başlygy wezipesine bellendi.

Related posts

Täze sanawda üýtgeşmeler bar

vepa

“Türkmenistanda korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça 2025-2029-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy” taýýarlanýar

Baş arçanyň ýanyndaky dabaralar

vepa

Leave a Comment