Benzin bilen işleýän awtoulag satuwy gadagan ediler

Häzirki wagtda ekologiýany arassa saklamak ugrynda dünýäde birnäçe işler alnyp barylýar. ABŞ-nyň Kaliforniýa ştaty 2035-nji ýyldan başlap, benzin bilen işleýän awtoulag satuwyny gadagan etmäge taýynlanýar.

Global ýylylyga sebäp bolýan gaz zyňyndylaryny azaltmak isleýän ştat häkimi Gawin Newsom düýn beren beýanatynda 2035-nji ýylda ýangyç awtoulaglarynyň satuwyny duruzmak üçin “anyk maksat” goýandyklaryny aýtdy. Bu düzgün bilen Kaliforniýa ABŞ-da ýangyç awtoulaglarynyň satuwyny togtatmak üçin aýgytly ädim ädýän ştata öwrüldi. Döwletiň zyňyndylara gözegçilik gullugy “CARB” ýakyn wagtda täze kanun yglan eder. Şoňa laýyklykda 2035-nji ýyldan başlap ştatda diňe wodorod ýangyjy we elektrik bilen işleýän täze ýolagçy awtoulaglary, ýeňil we söwda ulaglary satylyp bilner.

ABŞ-nyň iň köp ilatly ştaty bolan Kaliforniýa parnik gazlarynyň zyňyndylaryny hem 1990-njy ýyldaka garanyňdan 2050-nji ýyla çenli 80 göterime çenli azaltmak isleýär.

 

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

Related posts

COP31: Merkezi Aziýa üçin howa tehnologiýalarynyň sebit merkeziniň tanyşdyrylyşy boldy

Aşgabatda Ýewropanyň Medeniýet günleri geçiriler

Türkmenistanyň daşary işler ministri Pakistanda saparda bolar

15-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewe käýinç yglan edildi

Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri täzelendi

Mämmet Akmämmedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlygyna bellendi

14-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Türkmenistan we Hytaý «Müňýyllygyň behişdi bedewleri» atly sergini gurnaýar

Türkmen türgeni ilkinji gezek Real American Freestyle (RAF) ýaryşynda çykyş eder

Ata Watan Eserleri

13-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hazar deňziniň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça halkara taslama durmuşa geçiriler

Türkmenistanyň uzakdaky ilatly ýerleri üçin energetika geçişini goldamak boýunça täze taslama durmuşa geçirilýär

Türkmenistanda gidrohlorftoruglerodlary tapgyrlaýyn ýatyrmak boýunça täze taslama durmuşa geçiriler

Garri Keýniň nobatdaky rekordy

Kubanyçbek Omuraliýew Türki maýa goýum gaznasynyň başlygy wezipesine bellenildi

COP 31: Türkmenistanyň daşary işler ministriniň halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary

Rifat Hisarjyklyoglu türkmen wekiliýeti bilen duşuşdy

«Amul-Hazar» atly ýörişi badalga aldy

Türkmenistanyň wekilleri PRESETT maksatnamasy boýunça sebitara okuw maslahatyna gatnaşdylar