JEMGYÝET

Aşgabatda Çagalary goramagyň halkara güni bellendi

Aşgabatda Çagalary goramagyň halkara güni giň gerimli baýramçylyk bilen bellenildi. Baýramçylygyň esasy merkezi paýtagtdaky «Aşgabat» seýilgähi boldy. Bu ýerde paýtagtyň ýaş ýaşaýjylary we olaryň ene-atalary üçin giň göwrümli dynç alyş we güýmenje maksatnamasy guraldy. Çäräniň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de BMG-niň Türkmenistandaky  agentlikleri çykyş etdiler.

Çäreler resmi açylyş dabarasy bilen başlandy. Ondan soň seýilgähiň ähli ýerlerinde tematik meýdançalar we interaktiw zolaklar işe başlady.

Baýramçylyk mynasybetli ýaş myhmanlar üçin attraksionlarda mugt gezelençler guraldy.

Çagalar üçin döredijilik ussatlyk sapaklary we sport oýunlary taýýarlanyldy, ýaş suratkeşler bolsa açyk howada surat çekmäge mümkinçilik aldylar. Mundan başga-da, seýilgähiň salkyn meýdançalarynda küşt söýüjiler üçin interaktiw meýdançalar guraldy.

Şeýle hem dürli ýerlerde çagalar aýdym-saz we tans toparlary, şeýle-de sirk artistleri çykyş etdiler. Seýilgähiň ýodalarynda uly göwrümli gurjaklar we erteki gahrymanlary çagalar üçin dürli çykyşlary guradylar.

Mundan başga-da, janly haýwanlar burçy guralyp, onda tawuslar, dag tekeleri, jüýjeler we alabaý güjükleri görkezildi.

Guramaçylar bilim, sport we medeni çäreleri bir meýdançada jemlemäge çalyşyp, bu baýramçylygy şol günüň iň möhüm wakalarynyň birine öwürdiler.

Ýene-de okaň

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalary sergi gurar

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Dostluk” gämisi üçin Ilham Aliýewe minnetdarlyk bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri we Azerbaýjanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik