DÜNÝÄ

«Formula-1-iň» ýene üç tapgyry ýatyryldy

«Formula-1» Azerbaýjandaky, Singapurdaky we Ýaponiýadaky tapgyrlaryň hem ýatyrylandygyny habar berdi. Koronowirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylda geçirilmegi bes edilen ýaryşlaryň hataryna, şeýlelikde, ýene-de üçüsi goşuldy diýip, onuň ýolbaşçylary habar berdiler.

Baku we Singapurdaky ýaryşlar emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara ýaryşlara taýýarlyk görmegiň mümkin däldigi üçin ýatyryldy. Ýaponiýadaky tapgyryň ýatyrylmagyna bolsa syýahatçylyk boýunça çäklendirmeleriň girizilmegi sebäp boldy.

Şeýlelikde, şu ýyl ýatyrylan «Formula-1» tapgyrlarynyň sany 7-ä çykdy. Mundan ozal Awstraliýa, Monako, Fransiýa we Niderlandlardaky tapgyrlar hem ýatyrylypdy.

«Formula-1-iň» täze möwsümi 5-nji iýuldan başlanar. Çempionatyň birinji we ikinji tapgyrlary Awstriýada geçiriler. Soňra ýaryş Wengriýa, Beýik Britaniýa, Ispaniýa, Belgiýa we Italiýa tapgyrlary bilen dowam eder.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri Italiýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşdy

Nadir Alparslan: Türkiýe we Türkmenistan Ýüpek ýoluny dikeldýärler

Türkmenistan Ösüş boýunça ylym we tehnika komissiýasynyň agzalygyna saýlandy

Wengriýada Orban döwri tamamlandy: täze Premýer-ministr Peter Madýar boldy

Antalýada Türki döwletleriniň guramasynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde täze kanun taslamalary kabul edildi