DÜNÝÄ

Uçarda perzent dünýä indi

«Philippine Airlines» awiakompaniýasynyň ýolbeletleri uçuş wagtynda bir zenana çagasyny dünýä getirmäge ýardam berdiler.

Dubaý ― Manila aralygynda gatnaýan uçardaky hamyla zenan uçuş wagtynda özüni ýaramaz duýdy. Uçaryň ýolbeletleri howa menzilindäki lukman bilen aragatnaşyga çykyp, bu zenana perzendini dünýä getirmäge ýardam berdiler.

Aýdylyşyna görä, uçar şol wagt 9 müň metr belentlikden uçup barýan eken. Uçarda bolup geçen waka barada awiakompaniýanyň wekili Sielo Wilýaluna metbugata habar berdi. Uçar ýere gonanda enäniň we çaganyň saglygy kadalydy. Olar özlerine garaşyp duran «Tiz kömek» arkaly keselhana äkidildi.

 

Related posts

«Ojar Aziýa» bilen «koreý kompaniýasynyň arasynda ähtnama gol çekildi

Türkmenistanyň wekiliýeti 4-nji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşdy

Tokaýew “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi”  sammitine gatnaşar

Ata Watan Eserleri